PKK/ÝPG-e garşy operasiýalar giň gerimli dowam etdirilýär

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1680925
PKK/ÝPG-e garşy operasiýalar giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, türk esgerleriň terrorçylaryň ýeňsesindedigi mälim edildi. 

Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçynyň, aksiýalaryny amala aşyrmadan ozal hüjüm guralyp täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda: "Terrora we terrorça garşy göreşimiz dowam eder" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi we Içeri işler Baş müdürligi tarapyndan alynyp barylan işleriň netijesinde PKK-nyň hataryndan gaçan 1 terrorçynyň howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigi aýan edildi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, şu gün Mardin welaýatynda howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň şu ýylyň ýanwar aýynda terror guramanyň düzümine goşulandygy we Siriýada iş alyp barandygy anyklandy. 

Edilen tagallalaryň netijesinde şu ýyl howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 109-a ýetdi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar