Ministr Fatih Dönmez meksikaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Energetika we tebigy serişdeler ministrligi beýanat berdi
Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Meksikanyň Energetika ministri Norma Rosio Nale Garsiýa we ýanyndaky wekliýet bilen Stambul şäherinde duşuşyk geçirdi.
Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanata görä, iki ýurdyň arasynda energetika ugrunda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we energetikanyň global derejedäki gelejegi ara alynyp maslahatlaşyldy.
Meksikanyň Energetika ministri Norma Rosio Nale Garsiýa hem Twitter hasabyndan beren beýannamasynda, türk kärdeşine minnetdarlyk bildirip: "Pudak barada pikir alyşdyk. Ýurtlarymyz berk dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýedir" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar