Türkiýe: "Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris" diýdi

Türkiýe, Tunisde ýurdyň Mejlisiniň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýändigini habar berdi

1680337
Türkiýe: "Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagynyň üstünde durulyp geçildi. 

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýannamada: "Tunisde halkyň ygtyýaryna wekiliçilik edýän Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris. Tunisiň konstitutsiýasyna laýyklykda demokratik kanunyň iň ýakyn wagtda ýaňdandan ýola goýuljakdygyna ynanýarys" diýip bellendi.

Düýn Tunisiň Prezidenti Kaýs Said, mejlisiň ähli ygtyýarynyň 30 gün möhlet bilen togtadylandygyny, deputatlaryň eldegrilmesizlikleriniň aýrylandygyny habar beripdi. 

Kaýs Said Premýer ministri Hişam al-Meşişiniň wezipesinden çetleşdirilendigini we özi tarapyndan bellenjek bir Premýer ministr bilen dolanşygy kabul edip aljakdygyny, galplyk delolaryny ýüze çykarmak maksady bilen ýurdyň Baş Prokurory wezipesini hem öz üstüne alandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Kaýs Said , #Tunis

Degişli Habarlar