Mustafa Şentop Azerbaýjana gitdi
Mustafa Şentop, 28-nji iýulda çarşenbe güni bolsa Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyk geçirer
Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjan-Pakistan-Türkiýe Parlament başlyklarynyň Üçtaraplaýyn 1-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Pakistanyň Milli mejlisiniň başlygy Asad Kaiser bilen bilelikde Azerbaýjana gitdi.
Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki maslahat 27-nji iýulda sişenbe güni geçiriler. Maslahatyň çäginde "Baku beýannamasyna" gol çekişlik dabarasy geçiriler.
Maslahatdan ozal TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop we beýleki ýurtlaryň parlamentleriniň başlyklary Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul ediler.
Bakuda mundan başgada Haýdar Aliýewiň aramgähine we Şehitler gonamçylygyna gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşjak Mustafa Şentop, Baku Türk şehitligini zyýarat eder.
Mustafa Şentop, 28-nji iýulda çarşenbe güni bolsa Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyk geçirer.
Türk işewür adamlary we jemgyýetçilik guramalaryň wekillerini kabul etjek Mustafa Şentop, penşenbe güni bolsa Şuşa we Fuzuli şäherlerine gezelenç edeninden soň, Türkiýä gaýdyp geler.
Degişli Habarlar
8-nji Ynsanperwer Kömek Gämisi Gaza Üçin Ýola Çykýar
Ynsanperwer kömek gämisi bilen Gazanyň halkyna 2 müň 960 tonnalyk azyk kömegi ugradylýar.