Türkiýede 65 Million Dozadan Gowrak Sanjym Edildi

Ýurtda18 ýaşyndan ýokardaky ilatyň 63.08 göterimine sanjym edildi.

1679337
Türkiýede 65 Million Dozadan Gowrak Sanjym Edildi

Türkiýede täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy birinji, ikinji we üçünji doza bolmak bilen jemi 65 million dozadan gowrak sanjym edildi

Saglygy goraýyş ministrligi, Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde ýurtda 18 ýaşyndan ýokardaky raýatlara sanjym edilmegi üçin uly tagalla edýär.

23-nji iýula Türkiýe wagty bilen 17.23-e çenli ýurtda 39 million 256 müň 264 adama birinji doza, 22 million 20 müň 519 adama hem ikinji doza sanjym edildi.

Üçünji doza bilen birlikde jemi 65 million 127 doza sanjym edildi.

Ýurtda18 ýaşyndan ýokardaky ilatyň 63.08 göterimine sanjym edildi.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #koronawirus , #sanjym

Degişli Habarlar