Erdogan Erzurum Kongresiniň 102-nci Ýyllygy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi

Erzurum Kongresi Milli göreşiň başlangycy kabul edilýär

1679355
Erdogan Erzurum Kongresiniň 102-nci Ýyllygy Mynasybetli Ýüzlenme Çap  Etdi

Prezident R.T.Erdogan Erzurum Kongresiniň 102-nci ýyllygy we Hataý welaýatynyň ene wagtan Türkiýä birikmeginiň 82-nci ýyllygy mybasybetli ýüzlenmeler çap etdi.

Erdogan Erzurum Kongresiniň 102-nci ýyllygy mybasybetli çap eden ýüzlenmesinde milletiň, watanyň bölünmezligine we garaşsyzlygyna bolan ynamyny egilşiksiz beýan eden Erzurum Komgresiniň Milli garaşsyzlyk göreşiniň ugrunyň kesgitlenmegi taýdan taryhy ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Erzurum Kongresinde milletiň ähli basybalycylara we basyşlara garşy agzybir goranyş hem-de göreş ygtyýaryny bütin dünýä yglan edendigini nygtan Erdogan: “Erzurumda kabul edilen “milli ylalaşyk” häsýetli kararlar bilen Azadedicilik söweşini Beýik ýeňişe ýetiren ýoluň ilkinci ädimleri ädildi. Milli göreş ýyllarynda ýüze çykan şol beýik düşünce we ygtyýar şu günki günde bize ýolbeletlik edýär hem-de güýç berýär. Taryhymyzdan alýan ylhamymyz bilen gelecege ynamly ädimler bilen ýöremäge, beýik we güýçli Türkiýe üçin arman-ýadaman işlemäge dowam ederis. Erzurum Kongresiniň 102-nci ýylynda Gahryman Mustafa Kemalyň başda durmagynda garaşsyzlyk göreşimizin ähli gahrymanlaryny hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

“Asyrlaryň dowamynda gadymy medeniýetlere ýer eýeçiligini eden, doganlygyň we hoşniýetliligiň merkezi Hataýyň ene watan Türkiýe bilen birleşmek hakyndaky karary milli cebisligimize güýç berdi” diýen Erdogan: “Umumy gymmatlylarymyzda birleşip, geçmişde bolşy ýaly şu günkü günde-de gelecege tarap egilşiksiz we batyrgaýlyk bilen öňe barýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar