Ýaşlar we Sport Ministri Ýaponiýada Saparda Bolýar

Ministr Kasapoglu Tokio 2020 olimpadalaryna gatnaşmakdan hoşaldygyny aýtdy.

1679111
Ýaşlar we Sport Ministri Ýaponiýada Saparda Bolýar

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu resmi sapar bilen Ýaponiýa gitdi.

Kasapoglu saparynyň çäginde Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnalogiýa ministri Hagiuda Kooiçi bilen duşuşdy.

Ministr Kasapoglu Tokio 2020 olimpadalaryna gatnaşmakdan hoşaldygyny aýtdy.

Türk-ýapon gatnaşyklarynyň geçmişiniň taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýändigini nygtan Kasapoglu, şol gatnaşyklaryň güýçlenmek bilen dowam etjekdigini belledi.

Olimpiada ýer eýeçiligini edýän Ýaponiýanyň ähli türgenlerine üstünlik arzuw eden Kasapoglu, olimpiada Türkiýeden 18 ugur boýunça 108 türgeniň gatnaşýandygyny ýatlatdy.

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu, türk-ýapon gatnaşyklaryny sport taýdan hem ösdürmek isleýändiklerini belledi.

Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnalogiýa ministri Hagiuda Kooiçi hem täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli bir ýyl yza süýşürlen olimpiadanyň “bütin dünýä we adamzat üçin umyt” temasy bilen geçirilýändigini nygtady.



Degişli Habarlar