Prezident Erdogan Rizä we Artine Iş Saparyny Gurady

Erdogan Rizäniň Güneýsu etrabynda Juma namazyndan soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

1679196
Prezident Erdogan Rizä we Artine Iş Saparyny Gurady

Prezident R. T. Erdogan aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli uly ýitgi çeken Rizä we Artwine iş saparyny gurady.

Erdogan Rizäniň Güneýsu etrabynda Juma namazyndan soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Erdogan silde 6 adamyň ýogalandygyny, 5 adamyň ýaralanadygyny we ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin uly tagalla edilýändigini belledi.

Sil apatynda ýogalanlara Alladan rehnet, hosarlaryna sabyr dilän Erdogan, ilkinji etapda 550 ýaşaýyş jaýynyň guruljakdygyny nygtady.

Erdogan, Rizede 328-i halas ediş hünärmeni bolmak bilen jemi 2 müň 860 hünärmeniň we 750 ulagyň iş alyp barýandygyny, sil apaty sebäpli ýapylan 426 ýoluň dolulygyna açylandygyny, agyz suwy we elektrik togy ýaly meselelerde hiç hili kynçylygyň başdan geçirilmeýändigini ýatlatdy.

Sil sebäpli ýitgi çekenlere degişli kömegiň berilmäge başlanandygyny aýdan Prezident Erdogan ilkinji etapda Rizede 15-nji iýulda başdan geçirlen sil apatynda ýitgi çekenler üçin 550 ýaşaýyş jaýynyň guruljakdygyny belledi.

Erdogan “Sil sebäpli ýitgi çeken Rizeli we Artwinli doganlarymyz arkaýyn bolsun. Döwletimiz ähli mümkinçilikleri bilen olara kömek berer” diýdi.



Degişli Habarlar