Mustafa Şentop daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Gurban baýramy mynasybetli 8 ýurdyň mejlisleriniň we senatlarynyň başlyklary bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy, olary Gurban baýramlary bilen gutlady

1678898
Mustafa Şentop daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

TBMM tarapyndan berilen beýanata görä TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa, Alžiriň Millet geňeşiniň başlygy Salah Goudjil, Alžiriň Halk mejlisiniň başlygy Ibrahim Bugali, Indoneziýanyň halkynyň maslahat mejlisiniň başlygy Bambang Soesatýo, Gyrgyzystanyň mejlisiniň başlygy Talant Mamytow, Liwiýanyň ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid al-Mişri, Malaýziýanyň mejlisiniň başlygy Azhar Azizan Harun we Yragyň Wekiller mejlisiniň başlygy Muhammed al-Halbusi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy. 

Telefon gürrüňdeşliginiň barşynda gutlaglar bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin meseleler barasynda pikir alyşan Mustafa Şentop, ýurtlara Türkiýäniň goldawyny nygtap geçdi. 



Degişli Habarlar