Türkiýe Hytaýa gynanç bildirdi

Türkiýe Hytaýyň Hynan welaýatynda başdan geçirilen sil apaty sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1678564
Türkiýe Hytaýa gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Hytaýyň Hynan welaýatynda başdan geçirilen sil apatynda 25-den gowrak adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň sebitden howpsuz ýerlere geçirilendigi baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy habar berildi.

Beýanatda: "Sil apatynda ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna, Hytaýyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip mälim edildi. 


Etiketkalar: #gynanç , #Hytaý , #Türkiýe

Degişli Habarlar