Prezident Erdogan Hasan Ruhani we Şefik Jaferowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň başlygy Şefik Jaferowiç bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy

1678519
Prezident Erdogan Hasan Ruhani we Şefik Jaferowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
sefik caferovic-erdogan.jpg
ruhani-erdogan.jpg

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan bilen Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, geçiren telefon söhbetdeşliklerinde biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutladylar. 

Ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleriň ele alynan telefon söhbetdeşliginiň barşynda Erdogan Ruhani bilen şu günki güne çenli alyp baran ýokary derejeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we ýakyn dialogy Eýranda wezipäni kabul edip aljak täze hökümet bilen hem özgerdip dowam etdirjekdiklerine ynanýandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň başlygy Şefik Jaferowiç bilen geçiren telefon söhbetdeşligine hem biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutladylar. 



Degişli Habarlar