Mustafa Şentop owganystanly kärdeşi Mir Rahman Rahmani bilen gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Owganystanyň Halk mejlisiniň başlygy Mir Rahman Rahmani bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1678818
Mustafa Şentop owganystanly kärdeşi Mir Rahman Rahmani bilen gürrüňdeş boldy

TBMM tarapyndan berilen maglumata görä, telefon gürrüňdeşliginde kärdeşini we owgan halkyny Gurban baýramy bilen gutlan Mustafa Şentop, bu manyly günleriň, Yslam dünýäsiniň birligini we jebisligini has hem berkitmegine itergi bermegini diledi. 

Türkiýe bilen Owganystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 100-nji ýylyny belläp geçendiklerini ýatldan Mustafa Şentop: "Bu çuňňur manyly ýylda Türkiýe hökmünde owgan doganlarymyzyň eýýäm ençeme wagt bäri garaşýan parahatçylyga, asudalyga we durnuklylyga gowuşmagyny tüýs ýüregimizden dileýäris" diýip belledi. 

Mustafa Şentop Owganystandaky hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini belläp: "Bu duýgur tapgyrda alynyp baryljak islendik dialogda owgan halkynyň howpsuzlygy, Türkiýe üçin hemişe bolşy ýaly esasy ugurlaryň başynda gelýär. Türkiýäniň tagallalary, soňky wagtlarda öz üstüne almaga çalyşýan inisiatiwasy Owganystanda parahatçylygy üpjün etjek we hemişelik ýola goýup biljek başlangyçlary özüne jemleýär. Owganystanda parahatçylygyň üstün çykjakdygyna we hemişelik galjakdygyna ynanýarys" diýip nygtady. 

Owganystanyň Halk mejlisiniň başlygy Mir Rahman Rahmani bolsa öz gezeginde Prezident Rejep Taýýip Erdogany we türk halkyny Gurban baýramy bilen gutlap, sebitde we Owganystanda hemişelik parahatçylygyň üpjün edilmegini diledi. 

Türkiýäniň Kabul howa menziliniň goralmagy bilen bagly ähli başlangyçlaryny goldaýandyklaryny aýdan Rahmani: "Biziň pikirimizçe Türkiýäniň Ýaragly güýçleri beýleki ýurtlara garanyňda has gowy gorajakdygyna ynanýarys. Owganystanyň mejlisi hökmünde Türkiýäniň ýanyndadyrys. Türkiýäniň hemişelik parahatçylygy ýola goýmak bilen bagly tagallalary taryhy gatnaşyklarymyzyň görkezijisidir. Türkiýäniň edýän tagallalary sebäpli minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar