Agry welaýatynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrorçylykly aksiýalar geçirmek isleýän terrorçylara garşy operasiýalar dowam edýär

1678787
Agry welaýatynda üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Agry welaýatynyň Patnos etrabynda Eren-15 operasiýasynyň çäginde, aralarynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň welaýatdan jogapkär ýolbaşçysy hem bolan jemi 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Kartewin Dagy sebitinde uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada, aralarynda ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan täze bellenen Erzurum welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy hem bolan jemi 3 terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Operasiýa bilen ekstremist terror guramasynyň Gündogar Anadoly we Gara deňiz sebitine geçişleriniň öňi alyndy. 

Terrorçylykly aksiýalar geçirmek isleýän terrorçylara garşy operasiýalar dowam edýär. 



Degişli Habarlar