Türkiýe ÝB-niň beýanatyny tankyt etdi

Türkiýe Ýewropa Bileleşigini Kipr babatynda hakykatdan üzňe bolmak bilen tankyt etdi

1678257
Türkiýe ÝB-niň beýanatyny tankyt etdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tanžu Bilgiç, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Žozep Borrelliň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň DKTR-na guran saparyndan soň beren beýanaty bilen baglanşykly: "Beýanat ÝB-niň Kipr meselesinde hakykatdan nähili derejede üzňediginiň täze bir subutnamasydyr" diýip belledi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tanžu Bilgiç Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Žozep Borrelliň, ýaňadandan açylmagy barada karar kabul edilen Maraş meselesi bilen baglanşykly soraga ýazmaça jogap berdi. 

Beýanatyň ÝB-niň raýdaşlygy üçin berilendegini we biz tarapdan ýok hökmünde garalýandygyny aýdan Bilgiç: "Borrelliň Hormatly Prezidentimiziň DKTR-na guran saparyndan soň beren beýanaty, Ýewropa Bileleşiginiň Kipr meselesinde hakykatdan nähili derejede üzňediginiň täze bir subutnamasydyr. Diňe ÝB raýdaşlygy üçin edilen we biz tarapdan ýok hökmünde garalýan bu beýanat, ÝB-niň içinde weto hakyny hyýanatçylykly ulanýan Kipriň Grek böleginiň we Gresiýanyň metbugat sekretarlygyny we aklawçylygyny etmekden başda zat däldir. ÝB-niň bu pozisiýasy bilen Kipr meselesiniň çözüwinde hiç hili oňyn rol eýelemegi mümkin däldir" diýip belledi. 

Türkiýäniň DKTR-na Maraş babatynda kabul eden kararlar babatynda goldawynyň çürt-kesikdigini aýdan Bilgiç: "Bu kararlar Maraşda emläk eýeleriniň hukuklaryny goramak bilen baglanşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu kararlar täze nähaklyklar döretmez, köne nähaklyklary ortadan aýyrar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar