Prezident Erdogan DKTR-da ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda (DKTR) ýaşlara göreşlerinde hemişe ýanlarynda boljakdyklaryny habar berdi

1678132
Prezident Erdogan DKTR-da ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi
erdogan kktc gencler1.jpg
erdogan kktc gencler.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, DKTR-na guran resmi saparynyň çäginde Lefkoşa şäherindäki Beýik Han diýilen ýerde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi. 

Erdogan çykyşynda, ýaşlaryň imanlary, tejribeleri, erjellikleri, hyjuwlary we tutanýerlilikleri bilen Türkiýäni we DKTR-ny maksatlaryna ýetijekdiklerini belläp: "Köňül serhetlerimiziň içindäki Kiprde alyp barýan islendik göreşiňizde düýn nähili ýagdaýda ýanyňyzda bolan bolsak, şu günki gün hem şolar ýaly ýanyňyzda bolarys, ertirki gün hem ýanyňyzda bolarys. Nesip bolsa bu göreş, baýdak hökmünde kabul edip alan bu baýdak, siz gowşuryp alan mahalyňyz edil beýik we güýçli Türkiýe ýaly, güýçli DKTR-nyň gurluşygyny tamamlarsyňyz" diýip belledi. 

Türkiýäniň Kiprde hiç kimiň hakynda, hukugynda, emläginde, gelejeginde gözüniň bolmandygyny aýdan Erdogan: "Biz diňe öz haklarymyzy goramagyň, öz gelejegimizi gurmagyň aladasynda. Dowamly sözünden dänýänleri, dowamly ýakymsyzlyk edýänleri, dowamly garagolluk edýänleri goraýanlar ahyrynda bu ýerdäki tutanýerli pozisiýany görüp, kabul ederler, gerek bolany ederler. Ine şol güne çenli hukuklarymyzy almak üçin ählimiz bilelikde arman-ýadaman işläris, göreş alyp bararys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar