Erdogan: "Bize sygynan Allanyň bendelerini ganhorlaryň öňüne atmarys" diýdi

Prezident Erdogan siriýaly bosgunlar bilen baglanşykly: "Biz bu ýurdyň başynda boldugymyz saýyn bize sygynan Allanyň bendelerini ganhorlaryň öňüne atmarys" diýip belledi

1678431
Erdogan: "Bize sygynan Allanyň bendelerini ganhorlaryň öňüne atmarys" diýdi

Erdogan DKTR guran saparyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Siriýalylaryň galýan çadyr düşelgeleri görendiklerini, olara briket jaýlar gurandyklaryny aýdan Erdogan, maksatlarynyň ilkinji tapgyrda 100 müň briket öýi gurmakdygyny, 50 müňe golaý öýüň gurulyp tamamlanandygyny mälim etdi. 

Erdogan ol ýerlere bosgunlaryň bir bölegini ýerleşdirmek isleýändiklerini, onyň adamkärçilik, wyždan we Yslam çemeleşmesidigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan, Kipr meselesinde gepleşikleriň iki döwletiň arasynda geçirilmeginiň wagtynyň gelip ýetendigini belläp, Kiprdäki türkleriň kanuny hukuklary kepillik astyna alynmadan başladyljak gepleşikler tapgyrynyň şowsuzlyga duçar boljakdygyny mälim etdi. 

"Maraş tapgyrynyň ikinji etabyny durmuşa geçirdik" diýip aýdan Erdogan, ähli ädimleriň açyk ýagdaýda, halkara hukugyň çäginde edilýändigini belläp: "Adadaky halklaryň ikisiniň hem peýdasyna boljak bu başlangyjyň gara propoganda enjamy edilmegi boşunadyr. Nähaklyklaryň ortadan aýrylmagy maksady bilen başlanan bu ýolda Kiprdäki türk resmilerini goldamaga dowam ederis" diýip aýan etdi. 

Gepleşikleriň iki jemgyýediň arasynda däl, eýsem iki döwletiň arasynda geçirmegiň wagtynyň gelip ýetendigini aýdan Prezident Erdogan, Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakise reaksiýa bildirdi. 

Erdogan: "Özüne aýtdym, mundan soň 3-nji ýurdy, 4-nji ýurdy aramyza goýmagyň manysy ýok diýdim. Seniň maslahatçyň bar, meniň hem maslahatçym bar. Olar öz arasynda gepleşikler geçirsinler, bize netijäni bildirsinler. Ylalaşdykmy? Ylalaşdyk. Soňky duşuşygymza 1 aý hem geçmedi welin, biziň bu ýerdäki duşuşygymyzdan soň Amerikada näçe Türkiýe duşmany bar bolsa, olary ýanyňa ýygnapsyň" diýip belledi. 

Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG wekilleri bilen geçiren duşuşygyna nägilelik bildirip: "Makron meniň bilen oňuşmak isleýär, mundan beýläk biri-birimiziň üstüne gitmeliň diýär. Emme beýleki tarpdan bolsa aradan birnäçe gün geçeninden soň, PKK-nyň, ÝPG-nyň şahalary bilen el-ele tutuşyp ädim edýärler. Olar şonsyz hem koalisiýa güýçlerinde Amerika bilen biledirler. Amerika bilen bile koalisiýa güýçleriniň içinde bolandyklary sebäpli ol ýerden, esasan hem Yrakdan Siriýa tarapyna geçýärler. Siriýa tarapyna geçmek bilen ol ýerde terrorçylara örän uly goldaw berýärler" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Kipr , #Gresiýa , #Fransiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar