"DKTR-nyň iň gysga wagtda giňden ykrar edilmegi üçin her dürli tagalla ederis"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň iň gysga wagtda giňden ykrar edilmegi üçin her dürli tagallany etjekdiklerini habar berdi

1678365
"DKTR-nyň iň gysga wagtda giňden ykrar edilmegi üçin her dürli tagalla ederis"

Prezident Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň agzalary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren maslahatynda çykyş etdi. 

Çykyşynda Kipr meselesiniň üstünde durup geçen Erdogan: "19-20-nji iýul aralygynda, ýagny Gurban baýramynyň başlamazyndan öňki gün başlan we baýram güni agşam çenli dowam eden Kipr saparymyz köptaraplaýyn örän möhümdi. Mundan beýläk Kipr türkleriniň halkara gepleşiklerde stoluň başyndaky ýeke-täk talaby özygtyýarly döwlet statusynyň ykrar edilmegidir. Mundan daşary ähli teklipler güýjüni ýetirdi" diýip belledi. 

"DKTR-nyň iň gysga wagtda giňden ykrar edilmegi üçin her dürli tagalla ederis" diýip nygtan Erdogan: "Ada guran 2 günlük saparymyzda Kiprli doganlarymyzyň bu babatdaky tutanýerliligine şaýat boldyk" diýip habar berdi. 

Erdogan koronawirus epidemiýasynyň dünýäniň biri-birinden tapawutly ýurtlarynda täze görnüşleri hasaba alynsada Türkiýäniň entek şol wehime sezewar galmandygyny aýan etdi. 

Erdogan: "Ýaşlarymyz başda bolmak bilen ýurdumyzyň adam çeşmesini iň netijeli ýagdaýda netijelendirmek üçin ähli guramadyr-edaralarymyz bilen tagalla edýäris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar