Türkiýe Makronyň SDG-niň Wekilleri Bilen Duşuşmagyny Ýazgardy

Türkiýe Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä tabynlykdaky Siriýanyň Demokratik Geňeşiniň agzalary bilen duşuşmagyny ýazgardy.

1677925
Türkiýe Makronyň SDG-niň Wekilleri Bilen Duşuşmagyny Ýazgardy

Daşary işler ministrliginden Makronyň SDG-nin agzalary bilen geçiren duşuşygy hakynda beýannama berildi.

Beýannamada: “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä tabynlykdaky SDG-niň agzalary bilen duşuşmagyny ýazgarýarys.

Fransiýanyň ähli çagyryşlarymyza garamazdan ekstemist, ganhor terror guramasy we onuň ýaranlary bilen dowam etdirýän gatnaşygy Türkiýäniň milli howpsuzlygy, Siriýanyň syýasy jebilisigi hem-de territorial bitewiliginiň goralmagy we sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrundaky tagallalaryna zyýan ýetirýär.

Adybir guramanyň soňky döwürde öz hataryna goşulmaýan ýaşlaryň parahatçylykly ýörişlerini güýç bilen basyp ýatyrandygyny, Afrin hassahanasyny we beýleki jemgyýetçilik binalaryny bombalandygyny, çagalar bilen birlikde asuda ilata hüjüm edendigini, tussaglary gynap öldürendigini fransuz we halkara jemgyýetçiligine ýatladýarys.

Türkiýäniň ekstremist terror guramasyna we onuň ýaranlaryna garşy göreşini ähli şertde we ýerde egilşiksiz dowam etdirjekdigini ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar