Erdogan Kabulyň Howa Menziliniň Dolanşygyny Almagy Meýilleşdirýändiklerini Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan bu barasynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda eden çykyşynda beýannama berdi

1677730
Erdogan Kabulyň Howa Menziliniň Dolanşygyny Almagy Meýilleşdirýändiklerini Aýtdy

Prezident Erdogan: “Şertler döredilen halatynda biz bu tapgyrda Kabulyň howa menziliniň dolanşygyny almagy meýilleşdirýäris” diýdi.

Erdogan: “Kabulyň howa menziliniň howpsuzlygy bilen bagly täze şertler bar. Bärde üç awtoritar bar. NATO, ABŞ we onuň ýanynda-da Türkiýe. Amerikan çekilmek üçin karar kabul etdi. Emma Kabulyň howa menzili onsuz hem biz tarapyndan 20 ýyldan bäri dolandyrylýar. Onuň dowam etmegini islediler” diýdi.

Bu meselede ABŞ-na käbir şertleriň goýulandygyny beýan eden Erdogan: “Biz häzirki wagtda oňa oňyn garaýarys. Emma elbetde biziň Amerika käbir şertlerimiz bar. Diplomatik taýdan Amerika bizi goldamaly. Logistikia taýdan mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýäris. Güýçlerini logistiki taýdan Türkiýä bersin. Beýleki bir mesele bolsa ol ýerde düýpli maliýe we dolanşyk taýdan kynçylyklar ýüze çykar. Türkiýe şol ugurlarda-da degişli goldawy bermeli. Eger bular kabul edilse biz bu tapgyrda Kabulyň howa menziliniň dolanşygyny almagy meýilleşdirýäris” diýdi.

Talibanyň käbir meselelerde biynjalyklyklarynyň bardygyny ýatladan Erdogan: “Taliban bilen hem gepleşikler geçirip, ylalaşyk gazanarys diýip pikir edýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar