“Kiprde Täze Gepleşikler Diňe Iki Deň Hukukly we Özygtyýarly Döwlediň Arasynda Geçirler”

Erdogan DKTR-na gurajak saparynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

1677434
“Kiprde Täze Gepleşikler Diňe Iki Deň Hukukly we Özygtyýarly Döwlediň Arasynda Geçirler”

Prezident R. T. Erdogan “Kiprde mundan soňky täze gepleşik etaby diňe iki deň hukukly we özygtyýarly döwlediň arasynda geçirler” diýdi.

Erdogan DKTR-na gurajak saparynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan, Kipr türküniň Adada-da ýarym asyrdan gowrak wagt bäri deň hukuklylyk we adalat üçin göreşýändigini nygtady.

Erdogan saparymyzyň çäginde Jenap Prezidenti Ersin Tatar bilen duşuşarys we milli gowgamyz we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşarys” diýdi.

Erdogan “Kipr meselesiniň adalatly we yzygiderli ýagdaýda çözülmegini azuw edýän taraplara bu taryhy pursatdan ýerlikli peýdalanmaklary üçin ýene-de bir gezek çagyryş berýärin. Kipr türk halky parahatçylyk isleýändigini bütin dünýä görkezdi” diýip belledi.

Prezident Erdogan “Türkiýe we türk halkynyň her bir agzasy düýn bolşy ýaly şu gün we ertir hem Kipr türk halkyna goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Kipr gepleşikleri hakynda hem durup geçen Erdogan “Kiprde mundan soňky täze gepleşik etaby diňe iki deň hukukly we özygtyýarly döwlediň arasynda geçirler” diýdi.

Azerbaýjan bilen DKTR-nyň arasyndaky gatnaşyklara ünsi çeken Erdogan “Biz Azerbaýjanyň başda durmagynda dünýä ýurtlarynyň DKTR-na ýokary derejeli sapar guramaklary üçin tagalla edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar