Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Iňlis Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Iki kärdeşi Kipr we koronawirus epidemiýasy sebäpli Türkiýä goýlan syýahat çäklendirmesi hakynda pikir alyşdy
1677488
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Çawuşoglunyň şu gün Raab bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.
Iki kärdeşiň telefon söhbetdeşliginde Kipr we koronawirus epidemiýasy sebäpli Türkiýä goýlan syýahat çäklendirmesi hakynda pikir alyşandygy bellenildi.
Degişli Habarlar
8-nji Ynsanperwer Kömek Gämisi Gaza Üçin Ýola Çykýar
Ynsanperwer kömek gämisi bilen Gazanyň halkyna 2 müň 960 tonnalyk azyk kömegi ugradylýar.