Türkiýe Ysraýylyň hereketini ýazgardy

Türkiýe Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň palestinalylary adam mertebesini ynjydyp göz tussaglygyna almagyny ýazgardy

1677008
Türkiýe Ysraýylyň hereketini ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan käbir palestinalylary adam mertebesini ynjydyp olary göz tussaglygyna almagyny ýazgarýarys" diýip aýan edildi. 

Beýanatda: "Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň şu gün irden Harem Şerifiň mukaddesligini ýene-de bir gezek äsgermän, rasist jöhit toparlaryň Aksa metjidine zor bilen girmegine rugsat bermegini, ybadat eden asuda palestinalylara garşy ses bombalaryny ulanmagyny we aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan käbir palestinalylary adam mertebesini ynjydyp olary göz tussaglygyna almagyny ýazgarýarys. Ysraýylyň Oraza aýynda Aksa metjidine garşy guran hüjümleriniň bütin sebitde sebäp bolan dartgynlyk we çaknyşyk gurşawynyň adamlaryň aňlarynda entek galan bir gurşawda bular ýaly öjükdiriji hereketleriň dowam etmegi örän howplydyr. Ysraýylyň hökümetine öjükdiriji hereketlerini we hüjümlerini iň tiz wagtda bes etmegi baradaky çagyryşymyzy gaýtalap geçýäris" diýip beýan edildi. 



Degişli Habarlar