Türkiýe Ýewropanyň Adalat Diwanynyň başatgyç kararyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe Ýewropa Bileleşiginiň Adalat Diwanynyň başatgyç çäklendirmesi bilen baglanşykly kabul eden kararyna reaksiýa bildirdi

1676990
Türkiýe Ýewropanyň Adalat Diwanynyň başatgyç kararyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ýewropa Bileleşiginiň Adalat Diwanynyň Germaniýadaky iki aýry kärhananyň ýola goýan başatgyç çäklendirmesi bilen baglanşykly gutarnykly kararynyň din azatlygynyň açyk ýagdaýdaky düzgün bozmasydygy habar berildi. 

"Karar Yslama garşylygyň we musulmanlara garşy çydamsyzlygyň Ýewropada guramaçylykly we kanuny şahsyýete gowuşdyrmagyň tagallalarynyň nobatdaky bir mysalyny emele getirýär" diýip bellenen beýanatda, musulmanlaryň Ýewropada sezewar galýan rasist we kemsidiji gatnaşygyň üstünde durulyp geçildi. 

Beýanatda: "Ýewropanyň zamun alan Yslam duşmançylygynyň, rasizmiň we ýigrenç zäheriniň barha artýan bir döwründe Ýewropa Bileleşiginiň Adalat Diwanynyň kabul eden karary, din azatlygyny ýok hökmünde kabul edişi ýaly, diskriminasiýany esaslandyrmak we kanuny taýdan örtmek häsýetine eýedir. Kanun we wyždan taýdan ýalňyş, Yslam duşmançylygyny artdyrmak taýdan howply bolan bu karary ýazgarýarys" diýip habar berildi. 

Ýewropa Bileleşiginiň Adalat Diwany Ýewropa Bileleşigindäki kärhanalaryň işgärleriň başatgyçlaryny dakmagyny belli bir şertleriň astynda gadagdan edip biljekdigi barada karar kabul edipdi. 



Degişli Habarlar