Terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan ýene-de bir terrorçy boýun egdi

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan ýene-de 1 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

1676892
Terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan ýene-de bir terrorçy boýun egdi

Wanyň welaýat häkimliginden berilen beýanata görä, Welaýat Žandarma serkerdeliginiň ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza terrorçylaryň guramanyň hataryndan gaçmaklary üçin edýän tagallalarynyň netijesinde Ş.Ý. atly ýene-de 1 terrorçy Yrakda Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Terrorçy Wan welaýatynyň Respublikan Baş prokuraturasy tarapyndan ýola goýulan koordinasiýanyň netijesinde kazyýet işleriniň geçirilmegi üçin Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndan Wan welaýatynyň Žandarma serkerdeligi tarapyndan kabul ediler. 

Edilen tagallalaryň netijesinde 2021-nji ýylyň başyndan bäri Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany artmaga dowam edýär. 


Etiketkalar: #Yrak , #Wan , #terror guramasy , #PKK

Degişli Habarlar