Prezident Erdogan Erzurum welaýatynda köpçülikleýin açylyş dabarasynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 19 ýyl bäri ýurdy eserler döretmek we hyzmat bermek syýasaty bilen dolandyrandyklaryny, bütin Türkiýäni bagyrlaryna basmaga, eserler döretmäge we hyzmat bermäge dowam etjekdiklerini habar berdi

1676875
Prezident Erdogan Erzurum welaýatynda köpçülikleýin açylyş dabarasynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Erzurumda gurluşygy tamamlanan käbir taslamalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Medeniýetler şäheri bolan Erzurumy bilimde, saglygy goraýyşda, adalatda, howpsuzlykda, söwdada, senagatda, medeniýetde, sungatda we ähli ugurlarda hak eden ýerine götermegiň aladasyndadyklaryny bellän Erdogan, şäherde 385 müň ind metr ýapyk ýere, 3 müň 500 ulaglyk awtoduralga eýe bolan 1 müň 574 orunlyk ägirt uly şäher hassahanasyny gurandyklaryny mälim etdi. 

19 ýyl bäri ýurdy eserler döretmek we hyzmat bermek syýasaty bilen dolandyrandyklaryny aýdan Erdogan, bütin Türkiýäni bagyrlaryna basmaga, eserler döretmäge we hyzmat bermäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar