PKK-a agza 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 5 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

1676865
PKK-a agza 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä terror guramasy PKK dargamaga dowam edýär. 

Içeri işler ministrliginiň koordinasiýasy esasynda Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi we Içeri işler edarasynyň Baş müdürligi tarapyndan alynyp barylan işleriň netijesinde PKK-nyň hataryndan gaçan ýene-de 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Boýun egen terrorçylaryň 2009-2015-nji ýyllar aralygynda terror guramasynyň hataryna goşulandyklary, Yrak, Eýran we Siriýa ýaly ýurtlarda iş alyp barandyklary anyklandy. 

Edilen tagallalaryň netijesinde 2021-nji ýylyň başyndan bäri Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 107-ä ýetdi. 



Degişli Habarlar