Türkiýe, Yraga Gynanç Bildirdi

"Pajygada ýogalanlar üçin doganlyk ýurt yragyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

1674534
Türkiýe, Yraga Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Yrakda hassahanada bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalmagyna gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrligi, Yrakda koronawirusa ýoluganlaryň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda hakynda ýazmaça beýanna berdi.

Beýannamada, “Yragyň günortasynda ýerleşýän Zikar welaýatynynyň Nasyriýe şäherinde koronawirus hassalarynyň bejergi alýan Ymam Hüseýin hassahanasynda 12-nji iýulda bolan ýangynda köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris. Pajygada ýogalanlar üçin doganlyk ýurt yragyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar