Erdogan Millet Üçin Goşmaça Goldawyň Beriljekdigini Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň pandemiýada başga ýurtlardan tapawutlanandygyny aýtdy

1672096
Erdogan Millet Üçin Goşmaça Goldawyň Beriljekdigini Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan koronawirusyň global derejedäki şertlerine, ykdysadyýetdäki we beýleki şertlere görä millet üçin goşmaça goldawyň berilip bilinjekdigini aýtdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy, Prezident Erdogan partiýanyň merkezinde geçirilen Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda koronawirusa garşy göreş hakynda durup geçen Erdogan: “Ösen ýurtlaram pandemiýa sebäpli agyr günleri başdan geçirýärkä biz ýerlikli, egilşiksiz, saglygy goraýyş we azyk pudaklarynda depginli ulgamymyz bilen hemmelerden tapawutlandyk” diýdi.

“Ykdysadyýetde maýa goýum, önümçilik, iş üpjünçiligi, eksport we höweslendiriji syýasatlar bilen hemmelerden ýokary derejä eýe bolduk” diýen Erdogan: “Koronawirusyň global derejedäki şertlerine, ykdysadyýetdäki we beýleki şertlere görä millet üçin goşmaça goldaw berip bileris” diýdi.

Erdogan: “Türkiýe sebitleýin we global liderlik pozisiýasy bilen soňky bir asyrdaky iň güýçli başlangyjyny eder” diýdi.

 



Degişli Habarlar