Sanjymlamada 50 Million Dozany Geçdik. Düşümli Bolsun”

Prezident Erdogan" TURKOVAC bilen Kovid-19-a garşy täsirli göreşimizi dowam etdireris” diýdi.

1668100
Sanjymlamada 50 Million Dozany Geçdik. Düşümli Bolsun”

Prezident R. T. Erdogan, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde iň täsirli ýarag bolan sanjymlamada 50 million dozadan geçilendigini nygtady.

Prezident Erdogan, sosoail mediadan beren habarnamasynda “Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde täsirli ýaragymyz bolan sanjymlamada 50 million dozany geçdik. Düşümli bolsun. Güýçli saglygy goraýyş ulgamymyz, saglygy goraýyş işgärlerimiziň arman ýadaman çeken zähmedi we halkymyzyň ünsliligi bilen birlikde ýakynda inşalla ýerli sanjymymyz bolan TURKOCAV bilen Kovid-19-a garşy täsirli göreşimizi dowam etdireris” diýdi.

Beýleki tarapdan Kowid-19-a garşy göreşiň çäginde saglygy goraýyş işgärlerinin başda durmagynda 50 ýaşyndan ýokardaky raýatlar 3-nji doza sanjymlaryny etdirmäge başlady.



Degişli Habarlar