ROKETSAN Bangladeşe Eksporta Başlar

Bangladeş bilen harby hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekişildi

1667125
ROKETSAN Bangladeşe Eksporta Başlar

Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Ismail Demir “Raketa senagaty we söwda paýdarlar jemgyýeti” firmasy ROKETSAN-yň käbir önümleriniň Bangladeşe eksport ediljekdigini habar berdi.

Ismail Demir Twitterden beren habarnamasynda türk goranyş senagatynyň ukyplaryny dünýäniň çar tarapyna ýetirmäge dowam edýändigini nygtap: “Bangladeş bilen gol çekişilen “Döwletden döwlede (G2G) hyzmatdaşlyk teswirnamasyna” laýyklykda ROKETSAN-yň dürli önümleriniň eksport edilmegi boýunça ylalaşyga gol çekişildi. Durmalyň, ýolumyza dowam edeliň” diýip ýazdy.


Etiketkalar: #eksport , #Bangladeş , #ROKETSAN

Degişli Habarlar