MHG tarapyndan geçirilen operasiýada PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilen operasiýada PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1667471
MHG tarapyndan geçirilen operasiýada PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň Yragyň demirgazygyndaky Süleýmaniýe şäherinde geçiren operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza Mahiýe Açyk bilen siriýaly Roha Raji täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan PKK/KJK-nyň ýolbaşçylarynyň Kandiliň günortasyna we Süleýmaniýe şäherlerine ýolbaşçy derejesinde terrorçylary ugratmaga synanyşandygy anyklandy. 

Terror guramasy tarapyndan Asos dagynda we onuň töwereginde, sebitde razwedka maglumatlaryny ýygnamak we ýerli hyzmatdaşlary bilen aragatnaşygy berkitmek maksady bilen toparlar döredendigi anyklandy. 

Guramanyň liderleriniň Kandil, Gara we Metina ýaly çaknyşyk zolaklaryndan çykarmak maksady bilen howpsuz ýollar we gaçybatalga nokatlaryny tapmak üçin alyp baran işleri gözegçilik astyna alyndy. 

Ýokary derejeli ýolbaşçylaryň operasiýa sebitlerinden çykarylyp ýerli halkyň ýaşaýan ýerlerine geçirilmeginiň öňüniň alynmagy maksady bilen Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilen operasiýada 2014-nji ýylda guramanyň düzümine goşulan Ada Imraly adyny ulanýan Mahiýe Açyk we 2015-nji ýylda guramanyň düzümine goşulan Siriýanyň raýaty Ekin Rožawa adyny ulanýan Roha Raji, Süleýmaniýe şäheriniň Şerbazar etrabynda täsirsiz ýagdaýa getirildi. 


Etiketkalar: #terror guramasy , #KJK , #PKK

Degişli Habarlar