Maksadymyz Kanal Stambuly 6 ýylda Tamamlamak

Prezident R.T.Erdogan maksatlarynyň Kanal Stambul taslamasyny 6 ýylyň dowamynda iş ýüzüne geçirmekden ybaratdygyny aýtdy

1667455
Maksadymyz Kanal Stambuly 6 ýylda Tamamlamak

Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy Erdogan partiýasynyň Mejlisdäki maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda 19 tyldan bäri ýurdy eser we hyzmat syýasaty bilen dolandyrandyklaryny nygtan Erdogan, Stambulda gurlan üçünji howa menzilini, ýurduň çar tarapyndan gurlan awtoýollary, köprüleri, şäher keselhanalaryny oňa mysal getirdi.

Eksporty her aý has-da artdyrýandyklaryny, önümçiligi ýokarlandyrandyklaryny, senagaty ösdürýändiklerini, goranyş senagatynda ýurdy marka öwürendiklerini beýan eden Erdogan, Türkiýäniň Kanal Stambul taslamasyny hem iş ýüzüne geçirjekdigini aýtdy.

Erdogan: “Taslamany, dünýäniň iň uly şäherlerinden biri bolan Stambulyň bogazdaky gatnaw we ýer titremesine taýarlyk meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşjak, şäheriň gelejegini halas etjek eser hökmünde kabul edýäris. Biz diňe bir kanal gurmaýarys, şol bir wagtdada Stambula, ýurdumyza porty, eksport mukdary, ýaşaýaýyş ulgamlary bilen raýatlarymyzy rahatlandyrjak täze dem alyş ýoluny açýarys” diýdi.

“Maksadymyz talamany 6 ýylyň dowamynda iş ýüzüne geçirmek” diýen Erdogan: “Türkiýede 19 ýylyň dowamynda iş ýüzüne geçiren eserlerimizi we hyzmatlaryň üstüni dünýä derejesindäki taslama bilen ýetirmek isleýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar