Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

“2 doza sanjymyny etdiren 50 ýaşyndan ýokardaky raýatlar bilen saglygy goraýyş işgärlerimiz ertirden başlap 3-nji doza sanjymyny etdirip biler”

1667673
Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 45 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 49 müň 732 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 228 müň 163 adam testden geçirilip, ýene-de 522 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 496 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 7 müň 191 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 294 müň 285 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Koronawirus ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda “2 doza sanjymyny etdiren 50 ýyndan ýokardaky raýatlar bilen saglygy goraýyş işgärlerimiz ertirden başlap 3-nji doza sanjymyny etdirip biler” diýdi.

Ministr Koja “Koronawirusa ýolugandan 6 aý soň  raýatlaryň sanjym etdirmegine rugsat berilýärdi, şu günden başlap şol möhlet 3 aýa çenli aşakladyldy. BioNTech sanjymynyň birinji dozasyny etdiren raýatlarymyz hem ikinji dozasyny 4 hepden soň etdirip bilerler” diýdi.



Degişli Habarlar