Mewlüt Çawuşogly G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy

Çawuşogly G20-niň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde esasy rol eýelemelidigini, sanjymyň bolsa bäsdeşlik däl eýsem hyzmatdaşlyk esasyna daýanmalydygyny beýan etdi

1666936
Mewlüt Çawuşogly G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, G20-niň döwürleýin başlygy Italiýanyň taryhy Matera şäherinde geçirilen G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy.

Ministr Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndna beren beýanatynda, maslahatda üstünde durulyp geçilen meseleler bilen bagly: "Dowamly, giňişleýin we saglykly global ösüş tagallalaryny goldaýarys. G20-ä agza ýurtlar koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde esasy rol eýelemeli, sanjym bolsa bäsdeşlik däl eýsem hyzmatdaşlyk esasyna daýanmaly. Afrikadaky ýagdaýa ünssiz bolmaly däldiris" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň, Daşary işler ministrleriniň we Ösüş ministrleriniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatynyň çäginde käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi. 

Ministr Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Raab bilen duşuşyk geçirendigini we Türkiýe-Beýik Britaniýa gatnaşyklaryny, Siriýa we Liwiýa bilen birlikde sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, ýene-de bir beýanatynda bolsa Argentinanyň Daşary işler ministri Sola bilen duşuşyk geçirendigini, kärdeşi bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary maslahatlaşandygyny aýan etdi. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Nigeriň Daşary işler ministri Hassoumi Massoudo, Alžiriň Daşary işler ministri Sabri Bukadum, Ruandanyň Daşary işler ministri Wnsent Biruta bilen duşuşyklar geçirdi. 



Degişli Habarlar