Terrora Garşy Göreş Dowam Edýär

3 terrorçynyň, terrorçylykly hüjüm guramak üçin meýilnama taýarlaýan ýörite toparyň çäginde iş alyp barýandyklary anyklandy

1665959
Terrora Garşy Göreş Dowam Edýär

Yragyň Gara etrapçasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň, Türkiýede terrorçylykly hüjüm guramak üçin meýilnama taýarlaýan ýörite toparyň çäginde iş alyp barýandyklary anyklandy.

Milli Goranmak ministrligi, düýn Garada ýerleri anyklanylan PKK-ly 3 terrorçynyň Howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginiň operasiýa hakynda şu gün beren beýannamasynda, “Milli howpsyzlyk gullugy bilen utgaşykly ýagdaýda geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirlen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň, Türkiýede terrorçylykly hüjüm guramak üçin meýilnama taýarlaýan ýörite toparyň çäginde iş alyp barýandyklary anyklandy” diýildi.



Degişli Habarlar