Erdogan: “ Maksadymyz TÜRKSAT 5B Hemramyzy Ýylyň Soňky Çärýeginde Älem Giňişligine Uçurmak”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Dizaýn we önümçilik tapgyry tamamlanan Türksat 5B emeli hemramyzyň synaglary dowam edýär. Maksadymyz Türksat 5B emeli hemramyzy ýylyň soňky çärýeginde älem giňişligine uçurmak” diýip habar berdi

1666190
Erdogan: “ Maksadymyz TÜRKSAT 5B Hemramyzy Ýylyň Soňky Çärýeginde Älem Giňişligine Uçurmak”

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde Türksat-yň Gölbaşy etrabyndaky desgasynda Türksat 5A emeli hemrasyny işe giriziş dabarsyna gatnaşdy. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Türksat 6A emeli hemramyzy öndürdik, synag tapgyrna ýeten şol emeli hemramyzy öňümizdäki ýyl älem giňişligine uçurmagy meýilleşdirýäris. Şeýlelik bilen Türkiýe dünýäde aragatnaşyk emeli hemrasyny öndürip bilen 10 ýurdyň arasyna girer" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Dizaýn we önümçilik tapgyry tamamlanan Türksat 5B emeli hemramyzyň synaglary dowam edýär. Maksadymyz Türksat 5B emeli hemramyzy ýylyň soňky çärýeginde älem giňişligine uçurmak. Peýdaly ýük daşamak göwrümi şu günki güne çenli öndürilen emeli hemralaryň ählisinden artyk bolar, Türksat 5B-nyň işläp başlamagy bilen maglumat aragatnaşyk mümkinçiligimiz 15 esse artar" diýip mälim etdi. 

Erdogan maglumada esasly döwrabap taslamalary goldajak, milli tehnologiýa önümçilik göwrümini giňeltjek, emeli intellektde öň hatara çykarjak strategik ähmiýetli taslamalary hem ýakyn wagtda paýlaşjakdyklaryny belläp: "Esasy uly howpy kiber giňişliginden geljekdigi baradaky düşünje bilen, güýçli kiber goranyş mehnizmini emele getireris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar