Çawuşogly kanadaly we litwaly kärdeşleri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kanadanyň Daşary işler ministri Mark Garno we Litwanyň Daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis bilen duşuşyk geçirdi

1665811
Çawuşogly kanadaly we litwaly kärdeşleri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Italiýanyň ýer eýeçilik etmeginde şu gün geçiriljek DAIŞ-e garşy göreş boýunça halkara koalisiýanyň ministrler derejesindäki maslahatyna we Siriýa temaly çäkli ministrler maslahatyna gatnaşmak üçin giden Italiýada  Kanadanyň Daşary işler ministri Mark Garno we Litwanyň Daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis bilen duşuşyk geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly Rim şäherinde geçiriljek  DAIŞ-e garşy göreş boýunça halkara koalisiýanyň ministrler derejesindäki maslahatyndan we Siriýa temaly çäkli ministrler maslahatyndan soň, G20-niň döwürleýin başlygy bolan Italiýanyň 29-njy iýunda sişenbe güni Matera şäherinde geçiriljek G20-niň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşar. 



Degişli Habarlar