Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 4 müň 883 adama ýetdi

1665629
Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 52 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany jemi 49 müň 576 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 215 müň 294 adam testden geçirilip, ýene-de 390 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 4 müň 883 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 937 adam bilen birlikde bolsa, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 275 müň 231 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýede edilen jemi Kowid-19 sanjymlaryň sanynyň Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:10-a çenli 47 million doza ýetendigini mälim etdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda: "Şu gün sagat 18:10-a çenli edilen jemi sanjymlaryň sany 47 million dozadan geçdi. 18 ýaşdan ýokary bolan ilatymyzyň 54 göterimi azyndan bir doza sanjym etdirdi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar