Prezident Erdogan Kanal Stambul taslamasy bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň galkynyş taryhynda täze bir sahypa açandyklaryny, Kanal Stambul taslamasynyň Sazlydere köprüsiniň düýbüni tutandyklaryny mälim etdi

1665397
Prezident Erdogan Kanal Stambul taslamasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýurda we millete eserler döretmek göreşini dowam etdirjekdiklerini habar berdi. 

Kanal Stambul taslamasynyň 2011-nji ýylyň 27-nji aprelinde halk köpçüligi bilen paýlaşylandygyny aýdan Erdogan: "11 aýry uniwersitetden 51 alym bilen birlikde jemi 204 hünärmen iş alyp bardy. Modelirleme derňewlerinde 35 aýry ýurtdan 3 müň 500 adam iş alyp bardy. 304 aýry ýerde 17 müň metrden gowrak buraw, 248 geofiziki gözleg geçirildi. Ylmy işlere görä 5 aýry alternatiwanyň arasynda iň makul we iň netijeli ýol kesgitlendi" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan 45 km uzynlygynda, 275 metr giňliginde, 20,75 metr çuňlugunda boljak Kanal Stambul taslamasynyň üstünde 6 köpriniň guruljakdygyny mälim etdi. 

Kanal Stambul taslamasynyň Sazlydere köprüsiniň esasy açyklygynyň 440 metr, jemi uzynlygynyň bolsa 1618 metr we platformanyň giňliginiň 46 metr boljakdygyny aýdan Erdogan, 196 metr uzynlygyndaky minaralaryň bolsa almaz geometriýasy bilen dizaýn edilendigini habar berdi. 

Prezident Erdogan Başakşehir-Bahçeşehir-Hadymköý böleginiň tamamlanmagy bilen kömürturşy gazynyň 32 müň 126 tonna azaljakdygyny we sarp ediljek wagtdan 641,7 million, ýangyçdan 75,5 million lira bolmak bilen jemi 717,2 million lira tygşytlylyk ediljekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar