Mustafa Şentop Jibutili kärdeşini Milli güni bilen gutlady

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Jibuti döwletiniň Milli güni ýagny Garaşsyzlyk güni mynasybetli Jibutiniň Milli Mejlisiniň başlygy Mohamed Ali Houmedi gutlady

1665506
Mustafa Şentop Jibutili kärdeşini Milli güni bilen gutlady

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Jibitiniň Milli Mejlisiniň başlygy Mohamed Ali Houmede ugradan gutlag hatynda, Jibutiniň Milli güni mynasybetli dostlukly we doganlyk Jibutiniň halkyny türk milletiniň adyndan we hut öz adyndan gutlady. 

Türkiýäniň Jibuti döwleti bilen gatnaşyklarrynyň ähli ugurlar boýunça ösmegine ähmiýet berýändigini aýdan Mustafa Şentop: "Umumy tagallalarymyzyň netijesinde amala aşyryp biljek parlamentara saparlarymyz hem şübhesiz häzirki gatnaşyklarymyza oňyn goşant goşar. Milli günüňiz bilen ýene-de bir gezek gutlap, size we Jibutiniň Milli mejlisiniň hormatly agzalaryna jan-saglyk we üstünlik arzuw edýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar