Türkiýe ÝB-niň Liderleriniň Sammitinde Kabul Edilen Kararlara Reaksiýa Bildirdi

Türkiýe ÝB-niň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Sammitinde kabul edilen kararlaryň garaşylýan we degişli başlangyçlary öz içine almaýandygyny beýan etdi.

1664719
Türkiýe ÝB-niň Liderleriniň Sammitinde Kabul Edilen Kararlara Reaksiýa Bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB-nin Sammitinde Türkiýe hakynda kabul edilen kararlara reaksiýa bildirildi.

Türkiýäniň dartgynlygyň azaldylmagy, dialogyň we hyzmatdaşlygyň başladylmagy taýdan öz üstüne düşýän borçlaryny artykmajy bilen ýerine ýetirýändigine üns çekilýän beýýanamada; “ÝB-niň Sammitinde Türkiýe hakynda kabul edilen kararlar garaşylýan we degişli başlangyçlary öz içine almakdan daşda. ÝB-niň dartgynlygyň azaldylandygyny ykrar edip, Gümrük bileleşiginiň şertlere görä özgerdilmegi bilen birlikde oňyn gün tertibini iş ýüzüne geçirmek hakynda anyk kararlary kabul etmegi yza süýşürmegi güýmeme taktikasy, ygtyýar ýetmezçiligi we 1-2 agza ýurduň ÝB-ne agzalyklaryndan hyzýanatçylykly peýdalanmagy hökmünde kabul edilýär” diýilýär.

Teklip edilen täze maliýe kömek bukjasynyň türkiýä däl, siriýaly bosgunlara niýetlenendigine, esasan-da ÝB-niň öz asudalygynyň we howpsuzlygynyň kepillendirilmegi üçin ediljek başlangyçdygyna üns çekilýän beýannamada; “Migrasiýa boýunça hyzmatdaşlygyň diňe bir maliýe meselesi taýdan ele alynmagy uly ýalňyşlykdyr. Bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň iş ýüzüne geçirilmegi ähli taraplar üçin bähbitli bolar” diýilýär.

Sammitiň kararlarynyň Kipr bilen bagly bölümleriniň bolsa hemişekisi ýaly rum-grek ikiliginiň garaýyşlarynyň gaýtalanmagyndan ybaratdygyna üns çekilýän beýannamada, ÝB-niň şol çemeleşmesi bilen ýene-de bir gezek Kipr türklerini ykrar etmändigi we deň derejeli hukuklaryny görmändigi bellenilip; “ÝB-nin şol pozisiýasy dowam etdigi saýyn, Kipr meselsine oňyn goşant goşmak mümkin däl. Pursatdan peýdalanyp ÝB-ni ýene-de bir gezek adadaky hakykatlary görmäge, Kipr türklerini we olaryň deň derejeli hukuklaryny ykrar etmäge hem-de 2004-nji ýylda beren sözlerinde durmaga çagyrýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar