Terrorçylaryň Sany 240-a Çenli Aşaklady

“Terrorçylar hinlerinden daşary çykyp bilmeýärler”

1664487
Terrorçylaryň Sany 240-a Çenli Aşaklady

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Türkiýedäki terrorçylaryň sanynyň 240-a çenli aşaklandygyny aýtdy.

Muşyň Hasköý etrabynda halk bilen duşuşan Soýlu, Muşda howpsyzlyk maslahatyny geçirendiklerini aýtdy.

4 sagat dowam eden howpsyzlyk maslahatynda welaýatyň içerki howpsyzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Türkiýedäki terrorçylaryň sanynyn 240-a çenli aşaklandygyny nygtan Soýlu “Terrorçylar hinlerinden daşary çykyp bilmeýärler” diýdi.



Degişli Habarlar