Prezident Erdogan Hataýa Iş Saparyny Gurady

Erdogan, “MOBSAN” senagat zolagynyň we gurluşygy tamamlanan beýleki taslamalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

1664873
Prezident Erdogan Hataýa Iş Saparyny Gurady

Prezident R. T. Erdogan, Hataý welaýatynda “MOBSAN” senagat zolagynyň we gurluşygy tamamlanan beýleki taslamalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda “Terror guramasynyň günortamyzdaky eli ganly terror guramasy bilen halkymyza hüjüm etmäge başlandygy sebäpli biz terror howpyny ortadan aýyrmak üçin serhetaşa operasiýalara başladyk. Olaryň arzuw hyýallaryny puja çykardyk” diýdi.

Prezident Erdogan “Ýaňy ýakynda Şuşaly doganlarymyz bilen duşuşyp olaryň şatlygyny paýlaşdyk. Türkiýe howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin elinden geleni eder” diýdi.

Dünýä bilen birlikde Türkiýäniň hem 1,5 ýyldan bäri täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşýändigine ünsi çeken Prezident Erdogan “Saglygy goraýyş hyzmatlaryndan azyga we howpsyzlyga çenli ýurdumyz bu etaby üstünlikli gönükdirdi. Ähli kynçylyklarymyzy çözüp ýolumyza dowam etdik” diýdi.



Degişli Habarlar