Türkiýede edilen 1-nji we 2-nji doza sanjymlaryň sany 45 milliondan geçdi

Türkiýede koronawirus epidemiýasynyň çäginde ýurt derejesinde edilen 1-nji we 2-nji doza sanjymlaryň sany 45 million dozadan geçdi

1664109
Türkiýede edilen 1-nji we 2-nji doza sanjymlaryň sany 45 milliondan geçdi

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministrliginiň "covid19asi.saglik.gov.tr" saýtynda berilen maglumata görä, 24-nji iýun Türkiýäniň wagty bilen sagat 13:35-e çenli edilen 1-nji doza sanjymyň sany 30 million 359 müň 732-ä, 2-nji doza sanjymyň sany bolsa 14 million 691 müň 31-e ýetdi. 

Şeýlelik bilen jemi dozalaryň mukdary 45 million 50 müň 763-e ýetdi. 

Beýleki tarapdan ýerli sanjym bolan TURKOVAC-yň sişenbe güni başlan Faz-3 synaglary, ýurdyň öz içinde we daşary ýurtlarda 40 müň 800 meýletinde amala aşyrylar. 

Synag işler Türkiýe bilen birlikde Wengriýa, Azerbaýjan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda geçiriler. 



Degişli Habarlar