Türkiýe-ÝB Geňeşmeleri Brýusselde Geçirildi

Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda howpsyzlyk we goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

1663680
Türkiýe-ÝB Geňeşmeleri Brýusselde Geçirildi

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky howpsyzlyk we goranyş senagaty boýunça geňeşmeler Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirildi.

ÝB tarapyndan berlen beýannama görä, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky howpsyzlyk we goranyş senagaty boýunça geňeşmeleriň 6-njysy Brýusselde geçirildi.

Geňeşmelerde Türkiýä Daşary işler ministrliginiň Howpsyzlykdan jogapkär baş müdüriniň wekili Gülin Dinç, ÝB tarapyna bolsa ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär baş sekretarynyň orunbasary Fries ýolbaşçylyk etdi.



Degişli Habarlar