“Liwiýanyň Parahatçylygyna, Howpsyzlygyna we Durnuklylygyna Goldaw Bermäge Dowam Edýäris”

Ikinji Berlin konferensiýasynda, Liwiýanyň durnuklylygy we howpsyzlygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

1663687
“Liwiýanyň Parahatçylygyna, Howpsyzlygyna we Durnuklylygyna Goldaw Bermäge Dowam Edýäris”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Liwiýa temaly ikinji Belin konferensiýasynda eden çykyşynda, Liwiýanyň parahatçylygyna, howpsyzlygyna, durnuklylygyna we özygtyýarlygyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Mewlüt Çawuşoglu, Twitterden beren habarnamasynda, BMG-nyň we Germaniýanyň ýolbaşçylygynda, Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlen Liwiýa temaly ikinji Belin konferensiýasyna gatnaşandyklaryny nygtady.

Çawuşoglu “Liwiýanyň parahatçylygyna, howpsyzlygyna, durnuklylygyna we özygtyýarlygyna goldaw bermäge dowam etjekdigimizi nygtadyk” diýdi.

BMG-nyň we Germaniýanyň ýolbaşçylygynda Türkiýe bilen birlikde halkara aktýorlaryň gatnaşmagynda geçirlen ikinji Berlin konferensiýasynda, Liwiýanyň durnuklylygy we howpsyzlygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Liwiýa krizisiniň syýasy taýdan çözülmegi maksady bilen birinjisi 2020-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirlen konferensiýanyň ikinjisine Liwiýanyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Muhammed Al Menfi we Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Liwiýanyň we beýleki ýurtlaryň daşary işler ministrleri gatnaşdy.



Degişli Habarlar