Akar: "ABŞ-dan tehniki wekiliýeti geldi" diýdi

Hulusi Akar, Owganystanda başdan geçirilýän hadysalaryň üstünde durup geçdi

1663993
Akar: "ABŞ-dan tehniki wekiliýeti geldi" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Owganystanyň Hamid Karzai halkara howa menziliniň dolandyrylmagy bilen bagly jogapkärçiligiň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly: "ABŞ-dan tehniki wekiliýet şu gün ministrligimize geldi. Gepleşikler başlady, dowam edýär" diýip habar berdi. 

Paýtagt Ankara şäherinde Takyk gönükdirme komplekti-82-niň gowşurylyş dabarasynda çykyş eden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Owganystanda başdan geçirilýän hadysalaryň üstünde durup geçdi. 

Owganystany Aziýanyň kalby we tankydy ähmiýede eýe bir ýurt hökmünde häsýetlendiren Akar, Türkiýe bilen Owganystanyň arasynda gadymy taryhy we medeni gatnaşyklaryň bardygyny beýan etdi. 

Hulusi Akar, Türk-Owgan diplomatik gatnaşyklaryna 100 ýyl dolandygyny ýatladyp: "1921-nji ýylda Türk-Owgan ylalaşygynda hem bellenilip geçilşi ýaly, iki ýurdyň ykbaly we bagty biri-biriniňkidir. Şol sebäpli Türkiýe hemişe hasratly we şatlykly günde jebis we agzybir bolşy ýaly owganystanly doganlarymyzyň parahatçylyk, howpsuzlyk we asudalyk içinde ýaşamagy üçin uly tagalla etdi, şony dowam etdireris" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň BMG-nyň hararlarynyň çäginde 2002-nji ýylda ilkinji gezek wezipä başlanyndan bäri Halkara howpsuzlyk ýardam güýçlerine, 2015-nji ýyldan başlap bolsa NATO-nyň Tutanýerli goldaw missiýasyna goşant goşmagy dowam etdirýändigini aýdan Akar, Türkiýäniň ol ýerlerdäki üstünlikleriniň her kim tarapyndan takdyr edilýändigini mälim etdi. 

Hulusi Akar, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň häzirki wagtda Kabul tälim ýardam maslahat bermek serkerdeligi wezipesini ýerine ýetirýändigini belläp: "Şu günki güne çenli ýetilen sepgitleriň goralmagy we şol çäkde 6 ýyl bäri alyp barýan Hamid Karzai Halkara howa menziliniň dolanşygynyň jogapkärçiligi gerek bolan şertler üpjün edilen halatynda biz tarapdan dowam etdirilip biliner. Şonuň bilen bagly gepleşikler dowam edýär. Bu ugurda beýleki ýurtlar bilen bilelikde nähili işleşip biljekdigimizi maslahatlaşýarys. Şol çäkde ABŞ-nyň tehniki wekiliýeti şu gün ministrligimize geldi. Gepleşikler başlady, dowam edýär. Häzirki wagta çenli kabul edilen karar ýok. Ol ýerdäki işgärlerimizden daşary goşmaça işgär ugradylmady. Ýurdumyzyň we Owganystanyň bähbitleri üçin laýyk netije almak isleýäris. Maksadymyz owgan doganlarymyzyň howpsuzlyk, asudalyk we abadançylygyna goşant goşmaga dowam etmekdir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar