Türkiýe Gresiýa Nawteks Bilen Jogap Berdi

Gresiýa ylalaşyga garamazdan tomus aýlarynda tälim zolaklaryny yglan edipdi

1663283
Türkiýe Gresiýa Nawteks Bilen Jogap Berdi

Gresiýanyň gol çekişilen Afyny ylalaşygyna garamazdan syýahatçylyk aýlarynda Egeý deňiziniň halkara suw giňişliginde harby tälim giňişligini yglan etmegine Türkiýe Nawteks bilen gaýtawul görkezdi.

Türkiýe deňderejelilik kadalaryna laýyklykda 22-nji iýundaky Nawteks bilen Egeý deňizinin halkara suw giňişliginde tälim zolaklaryny yglan etdi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda 1988-nji ýylda gol çekişilen Afyny ylalaşygy bilen syýahatçylyk aýlarynyň iň gelim-gidimli döwri bolan 15-nji iýun blen 15-nji sentýabryň aralygynda Egeý deňiziniň halkara suw giňişliginde türgenleşik geçirmezlik we habyr tälim zolagyny yglan etmezlik hakynda karar kabul edilipdi.

Ylalaşyk bilen gazanylan Moratorium tapgyryna ünsli çemeleşn Türkiýe 2021-nji ýylyň operasiýa-tälim meýilnamalaryna bellenen möhletleriň aralygynda Egeý deňiziniň halkara suw giňişligi üçin bildiriş bermedi.

Gresiýa bolsa ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmän, şu ýyl üçin Moratoriýum bilen kesgitlenen döwri öz içine alýan tälim-türgenleşik giňişligini yglan etdi. Türkiýänin Moratoriýuma sarpaly çemeleşmesine we diplomatik başlangyçlaryna garamazdan Gresiýa yglan eden zolaklarynda Moratoriýumy berjaý etmek üçin üýtgetme girizmedi.

Gresiýanyň Moratoriýuma bap gelmeýän başlangyçlary bilen ýakyndan gyzyklanýan Türkiýe deňderejelilik ýörelgesine laýyklykda degişli çäre görmäge mejbur boldy. Şeýlelikde Türkiýe tarapyndan 2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda berilen bildiriş bilen Egeý deňiziniň halkara suw giňişliginde tälim zolaklary yglan edildi.



Degişli Habarlar