Mustafa Şentop çernogoriýaly kärdeşi Beçiç bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň (TBMM) başlygy Mistafa Şentop, Çernogoriýanyň Mejlisiniň başlygy Aleksa Beçiç bilen duşuşyk geçirdi

1663011
Mustafa Şentop çernogoriýaly kärdeşi Beçiç bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Antalýada geçirilen Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk tapgyrynyň Parlamentar Assembleýasynyň 8-nji baş geňeşine gatnaşan Çernogoriýanyň Mejlisiniň başlygy Aleksa Beçiç bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkiýäniň Çernogoriýa bilen umumy taryhy we medeniýeti paýlaşýandygyny aýdan Mustafa Şentop, ýurtlaryň arasynda amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlaryň gatnaşyklaryň özgermegine goşant goşýandygyny beýan etdi. 

Koronawirus epidemiýasy tapgyrynda Türkiýäniň beýleki ýurtlar bilen bolşy ýaly Çernogoriýa bilen hem raýdaşlyk içinde bolandygyny aýdan Şentop: "Köp medeniýetli we etniki gurluşy bilen Çernogoriýa biz üçin Gündorta-gündogar Ýewropanyň parahatçylygyna we durnuklylygyna goşant goşýan dostlukly bir ýurtdyr. Asudalygyna, durnuklylygyna we abadançylygyna goşant goşan dostlarymyzyň, dogan-garyndaşlarymyzyň ýaşaýan ýurtlardaky kämilleşmelere ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar