Koronawirusa garşy göreş dowam edýär

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Koronawirus Ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň beýanat berdi

1663581
Koronawirusa garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 65 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany jemi 49 müň 358 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 224 müň 192 adam testden geçirilip, ýene-de 550 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 809 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 917 adam bilen birlikde bolsa, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 248 müň 862 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Koronawirus Ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýanatynda, anna gününden başlap 18 ýaşyna ýeten her kimiň sanjym etdirip biljekdigini habar berdi. 

Fahrettin Koja, koronawirusyň Delta görnüşi bilen baglanşykly: "Delta Plusy ýurdumyzda anyklamadyk. Delta görnüşine ýolugan 134 adam bar. Jemi 16 welaýatymyzda hasaba alyndy. Esasan hem Stambulda hasaba alyndy" diýip habar berdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, delta görnüşinde 2 doza sanjymyň has täsirlidigi bilinýändigini, öňümizdäki tapgyrda iki dozanyň arasyndaky 6 hepdelik möhledi 4 hepdä çenli peseldip biljekdiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar